SPORT

16 ýyldan soň çempion boldy

Gazagystan Respublikasynyň futbol çempionatynyň ýeňijisi belli boldy. Ýurduň “Kaýrat” topary bilen Şymkent şäheriniň “Ordabasy” toparynyň arasyndaky duşuşyk çempiony mälim etdi. “Kaýrat” topary 3:1 hasabynda utup, 16 ýyldan soňra 2020-nji ýylyň möwsüminiň çempiony boldy.

Gazagystanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynda “Kaýrat” topary bilen “Ordabasy” topary duşuşdy. Duşuşykda “Kaýrat” toparynyň belli braziliýaly hüjümçisi Wagner Lawyň (janköýerler ony Russiýanyň hem-de Türkiýäniň milli çempionatlaryndan tanarlar) 36-njy minutda, Nuraly Alipiň 39-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan hem-de Ular Žaksibaýewiň 80-nji minutda öz derwezesine geçiren gollary bilen topar ýeňiş gazandy. “Ordabasy” toparyndan Žuan Paulo da Silwa 77-nji minutda tapawutlandy.

Şeýlelikde Almaty şäheriniň “Kaýrat” topary 44 utuk bilen çempionlygyny yglan etdi. Bu topar mundan 16 ýyl ozal çempion bolupdy. Topar 1992-nji we 2004-nji ýyllarda çempion bolmak bagtyna miýesser bolupdy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

“Arsenal” topary 22 ýyldan soňra Angliýanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo özüniň 6-njy dünýä çempionatyna gatnaşar

Robert Lewandowskiniň «Kamp Nou» stadionynda «Barselona» bilen hoşlaşygy

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy