MEDENIÝET

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Dünýä belli bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem-de Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň topary ýurdumyzyň welaýatlarynda görkezme çykyşlayrny amala aşyrarlar.

Meşhur toparlaryň maksatnamasynda türkmen halkynyň köp asyrlyk milli atçylyk sirk sungatynyň çylşyrymly tilsimleri görkeziler.

“GALKYNYŞ” TOPARYNYŇ WELAÝATLARDAKY ÇYKYŞLARY:

  • 5-7-nji mart aralygy – Lebap welaýaty
  • 10-12-nji mart aralygy – Mary welaýaty
  • 27-29-nji mart aralygy – Balkan welaýaty
  • 7-9-nji aprel aralygy – Daşoguz welaýaty

Golaýda Monako Knýazlygynda geçirilen halkara sirk festiwalynda baş baýraga mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynda geçiriler.

Related posts

Kino hepdeligine we kinofestiwala badalga berildi

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy

Türkmenistanda oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreler