MEDENIÝET

“BAFTA” baýraklary gowşuryldy

Iňlis film we telewideniýe sungaty akademiýasy (BAFTA 2021) 74-nji baýrak gowşurylyş dabarasynda ýeňijileri yglan etdi. Ýeňijileriň sanawy akademiýanyň web sahypasynda çap edildi. Pandemiýa sebäpli bu çäre onlaýn ýagdaýda geçirilipdir. Hloi Çjaonyň režissýorlyk eden “Çarwalaryň ýurdy” (Land of nomads) filmi iň gowy film kategoriýasynda ýeňiş gazandy. Bu filmde esasy roly oýnan Frensis Makdormand iň gowy aktrisa diýip atlandyryldy.

“Kaka” (The Father) filminde çykyş eden Entoni Hopkins iň gowy aktýor baýragyny aldy. Şeýle hem iň oňat animasiýa kategoriýasynda “Soul” multfilmi, iň oňat ssenariýa kategoriýasynda “Ruhdan düşýän gyz” trilleri, iň oňat dizaýneri kategoriýasynda “Mank” atly ak-gara biografiki dramasy, iň gowy eşikler we grim kategoriýasynda bolsa “Ma Reýni: “Bluzyň ejesi” filmi baýrakly orunlara mynasyp boldular.

“BAFTA” premiýasy 1948-nji ýyldan bäri London şäherinde geçirilip gelinýär. Bu abraýly baýragy gazananlar “Oskar” baýragyna hem dalaşgärlik görkezilýär. “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 26-njy aprelde geçirilmegine garaşylýar.

 

ÝHHG-niň başlygynyň Merkezi Aziýa sapary

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Weli Muhadowa bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri geçiriler

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler