JEMGYÝET

Basketbolçynyň suratyny otluk meýdana çekdiler

Ýakynda dikuçar heläkçiliginde aradan çykan dünýä belli amerikaly basketbolçy Kobi Brýantyň watandaşlary we muşdaklary bolan Kelli Pirson we Pit Dewis jübütleri otluk meýdanda onuň portretini emele getirdiler.

Bu çeperçilik eseri ABŞ-nyň Kaliforniýa Ştatynda döredildi. Ilki başda basketbolçynyň suratyny kagyza çeken jübütler «ýedi ölçäp, bir kesip», bu işe girişýärler. Bu işde olar «TurfPrinterden», ýagny otluk meýdan üçin niýetlenen çap edijiden peýdalandylar.

Elbetde, ägirt portreti meýdanda şekillendiräýmek ýeňil iş däl. Jübütlere GPS we beýleki tehnologik enjamlar hem kömege geldi. Hatda ot orýan ýörite tehnika hem «surat çekmek» üçin ýöriteleşdirildi. Şeýelikde, uzynlygy 35, ini bolsa 28 metre barabar ajaýyp çeperçilik eseri emele geldi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Baýdene gutlag iberdi

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi