TEHNOLOGIÝA

Ekinleri robot arylar tozanlandyrar

Ekinleri tozanlandyrmakda arylaryň ähmiýeti uludyr. Ynha, ýapon alymlary bu iş üçin robot arylary işläp taýýarladylar.

Aslynda, «dron» arylar babatyndaky ilkinji taslama ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň alymlaryna degişlidir. Olaryň synanyşygy hem üstünlikli tamamlanypdy. Ýakynda bolsa amerikaly kärdeşleriniň göreldesine ýapon alymlary hem eýerip, oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmak üçin robot arylary işläp taýýarladylar.

Bu iş Ýaponiýanyň Milli industrial bilim we tehnologiýa institutynyň alymlaryna degişlidir. Olaryň öndüren robot arylarynyň ini 4 santimetre, agramy bolsa 15 grama ýetýär. Kinniwanja tozanlandyryjylar dron kameralarynyň iş ulgamy boýunça işleýär.

Alymlar arylaryň ösümlikleriň güllerini tozanlandyrmak ukybyny kämil derejä ýetirdiler. Olaryň bu ukybyny göwresiniň üsti böleginde oturdylan kinniwanja tehnologik gurluş amala aşyrýar. Özi hem robot arylaryň ekine asla zyýan bermeýändigine göz ýetirildi.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi