JEMGYÝET

Meşhurlaryň haýyr-sahawat kömekleri

Meşhur sungat ussatlary ýiti respirator keselleriniň öňüni almakda we bejermekde pul kömeklerini yzygiderli haýyr-sahawatyna geçirýärler. Olar ýokanç keseller bilen iş salyşýan lukmanlara lukmançylyk enjamlaryny we iýmit üpjünçiligini dikeltmekde ýakyndan goldaw berdiler.

Anjelina Joli Golliwudyň ussat aktrisasy çagalar gaznasyna, olary iýmit bilen üpjün etmekde 1 million amerikan dollar geçirdi.

Dünýäniň meşhur estrada ýyldyzy Rianna saglyk ulgamynda işleýän lukmanlara gerekli enjamlary satyn almak üçin 5 million amerikan dollar peşgeş etdi.

Bleýk Laýwli we Raýan Reýnold garry adamlara we girdejisi pes maşgalalara kömek etmek maksady bilen 1 million amerikan dollar kömek etdiler.

Şweýsariýaly tennis ýyldyzy Rojer Federer Şwessariýanyň pul gaznasyna pes aýlykly adamlara kömek etmek maksady bilen 1 million amerikan dollar kömek etdi.

Golliwudyň aktýory Arnold Şwarsnegger ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenlere 1 million amerikan dollar bermegi wada berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär