Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün  siz garaşylmadyk hoş habarlar we gyzykly duşuşyklar bilen begendirip biler. Öň diňe gowy zatlary eşiden adamyňyz bilen şahsy duşuşmaga mümkinçilik döräp biler. Ol sizde örän ýakymly täsir galdyrar, özara mähir we gyzyklanma döremegi ähtimal. Dostlukly hem-de söýgi gatnaşyklarynyň başlangyjy bolup biler, ýöne munuň köp bölegi siziň başlangyç görkezmegiňize bagly bolar.Bu ýekşenbe söýýän adamy bilen köp wagtdan bäri bile ýaşaýan Hamallar üçin hem örän düşümli bolar. Berkiden jübütleriň arasyndaky gatnaşyklar has mähirli we ynamly häsiýete eýe bolar, söhbetdeşlikler köp şatlykly duýgulary bagyşlap, özüňizi hakyky bagtly duýmaga mümkinçilik berer.Bu gün peýdaly işler üçin hem amatlydyr. Uzak wagtdan bäri üns talap edip gelen meseleleri çözmäge, öň düşünişmek kyn bolan adamlar bilen gatnaşyklary dikeltmäge mümkinçilik döreler. Täze pikirleriňiz uly geljegi wada eder we olary amala aşyrmak üçin edilen ilkinji ädimler tiz wagtda öz miwesini berer.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün durmuşyňyza oňyn özgerişleri, ýakymly wakalary we ruhlandyryjy habarlary getirer. Köp işler edil isleýşiňiz ýaly ugruna gider. Bu bolsa möhüm meseleleri üstünlikli çözmäge täze mümkinçilikleri görmäge hem-de özüňize bolan ynamy artdyrmaga ýardam eder.Ýakyn adamlaryňyz bilen geljekki meýilnamalaryňyzy ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Siziň pikirleriňiz goldawa eýe bolar üstesine-de örän peýdaly maslahatlary eşitmek mümkinçiligi dörär. Öň dartgynly bolan gatnaşyklary gowulandyrmak üçin hem amatly gün. Eger kimdir biriniň göwnüne degen bolsaňyz we muňa ökünýän bolsaňyz, bu gün ötünç soramak ýerlikli bolar. Siziň ötünçiňiz hökman kabul ediler.Maliýe meselelerinde içki duýgyňyza aýratyn üns beriň. Onuň görkezmeleri gereksiz çykdajylardan we şowsuz satyn alyşlardan gaça durmaga, puluňyzy tygşytlap geljegi uly taslamalara gönükdirmäge kömek eder.Günüň dowamynda saglyk ýagdaýyňyz gowy bolar. Köp Sowurlar güýç-kuwwatyň artandygyny duýarlar. Boş wagtyňyzy işjeň dynç alyşa bagyşlamak maslahat berilýär, sebäbi ol size uly peýda getirer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün dynç almak we göwün açmak üçin örän amatlydyr. Ir säherden başlap keýpiňiz ýokary bolar, ruhdan düşen adamlary hem şatlandyrmagyň ýoluny taparsyňyz. Maşgala bilen geçiriljek dynç alyş bilen bagly ajaýyp pikirler ýüze çykyp biler. Eger haýsydyr bir gyzykly çäre ýa-da sapar guramak kararyna gelseňiz ähli işler üstünlikli amala aşar. Döredijilik bilen meşgullanmak üçin hem amatly gün bolar.
Şahsy gatnaşyklarda oňyn ýagdaýlar agdyklyk eder. Tanyşlyk gurşawyny giňeltmek isleýän Jöwzalary ýakymly duşuşyklar garaşýar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün umuman alanyňda düşümli geçer. Ýeňil üstünliklere bil baglamagyň hajaty ýok  emma tutanýerlilik görkezseňiz islenýän netijeleri hökman gazanarsyňyz. Işleriňiziň ileri tutulýan ugurlaryny dogry kesgitläp iň möhüm meselelerden başlamaga çalşyň. Wajyp işlere irden girişseňiz, ilkinji üstünlikleriňizi tiz görersiňiz we günüňiziň nähili geçýändiginden kanagatlanarsyňyz.Şahsy gatnaşyklarda hem oňyn özgerişler bolup biler. Soňky döwürde ýakynlary bilen düşünişmekde kynçylyk çeken Seretanlar ähli düşünişmezlikleri aradan aýyrmagyň ýoluny taparlar. Ýakymly tanyşlyklar garaşylýar. Tötänleýin duşuşyk durmuşyňyzda uly özgerişleriň başlangyjy bolup biler. Bu gün başlanan söýgi gatnaşyklary çalt ösüp, size köp şatlyk bagyşlar. Köp wagtdan bäri bile ýaşaýan jübütler bolsa durmuşlaryna täze öwüşgin goşup, birek-biregi has ýakyndan tanamaga mümkinçilik alarlar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Sizi şowly gün garaşýar. Bu gün köp meseleleri çözmek üçin örän amatly bolar. Şahsy durmuşyňyz bilen bagly möhüm işleri üstünlikli ýerine ýetirersiňiz, gyzykly pikirleriňizi durmuşa geçirip, täze bilimleri özleşdirersiňiz. Häzirki wagtda alan bilimiňiz we toplan tejribäňiz ýakyn wagtda size peýda getirip, geljekde ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek eder.Gündelik işleriňizi aňsatlyk bilen ýerine ýetirersiňiz, has çylşyrymly meseleler üçin bolsa diňe biraz sabyr gerek bolar. Öň sizi goldamaýan we pikirleriňize şübhe bilen garan adamlar hem kömek elini uzadyp bilerler. Şeýle adamlara üns bilen serediň sebäbi olar geljekde ynamdar ýoldaşlaryňyza we gowy dostlaryňyza öwrülip biler.Söýgi gatnaşyklary babatda bu gün örän düşümli bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Daş-töwerekde nähili ýagdaýlar bolup geçse-de, asudalygyňyzy we sabyrlylygyňyzy saklamaga çalşyň. Bu gün garaşyşyňyzdan has köp iş we alada getirip biler. Täze borçlar çözülmegini derrew talap edýän meseleler ýüze çykmagy mümkin. Ilkibaşda bularyň ählisi kyn ýaly görünse-de, siz ähli synaglaryň hötdesinden gelmegiň ýoluny hökman taparsyňyz.Bu gün öňki usullara eýermegiň ýerine täze çözgütleri gözlemek has peýdaly bolar. Döredijilikli çemeleşme size gerek bolan netijä has çalt ýetmäge we gereksiz ýalňyşlyklardan gaça durmaga ýardam eder.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Günüň ilkinji ýarymy aýratyn şowly geçer. Bu wagt möhüm söhbetdeşlikler geçirmek çynlakaý meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin örän amatlydyr. Adamlar bilen umumy dil tapmak aňsat bolar ýakynlaryňyz bilen bilelikdäki meýilnamalar barada tiz ylalaşarsyňyz we möhüm meselelerde olaryň goldawyny alarsyňyz.Hatda ownuk ýalňyşlyk goýberseňiz hem hiç kim muňa aýratyn üns bermez, tersine, olary düzetmekde size kömek ederler.Eger sizi garaşylmadyk bir gyzykly çärä çagyrsalar, ýüz öwürmäň. Ol ýerde gyzykly pursatlar, ýakymly tanyşlyklar ýa-da soňky wagtlarda küýsäp ýören adamlaryňyz bilen duşuşyklar bolup biler. Şeýle hem bu gün öňki gatnaşyklary täzeden dikeltmek üçin amatlydyr.Günüň ikinji ýarymynda täze aladalar we sabyrlylygy talap edýän işler ýüze çykyp biler. Ähli zat derrew başa barmasa howlukmaň. Näçe asuda we oýlanyşykly hereket etseňiz şonça-da tiz üstünlik gazanarsyňyz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün umuman alanyňda erbet geçmez, ýöne üstünlik gazanmak üçin aýratyn seresaplyk we üns gerek bolar. Käbir ýagdaýlarda ýyldyzlaryň goldawy gowşak ýaly duýulsa-da bu diňe howlukmazlygyň zerurdygyny görkezýär. Esasy çözgütleri kabul etmekde tiz hereket etmek maslahat berilmeýär. Islegleriňize ýetmek üçin biraz sabyr gerek bolar.Aragatnaşykda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Ýakynlaryňyz bilen ownuk düşünişmezlikler bolmagy ähtimal emma uly jedellerden gaça durup bilersiňiz. Söýýän adamyňyz bilen gatnaşyklarda göriplik ýa-da nädogry düşünmeler ýüze çykmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda ýagdaýy uzaga çekmän düşündirmek iň dogrusydyr.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Günüň başynda hemme zat örän oňat gidýän ýaly bolup biler emma netijelere howlukman baha bermek gerek. Soňrak käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler olary ýeňip geçmek üçin goşmaça güýç gerek bolar.
Iň möhüm işleri günüň ilkinji ýarymynda ýerine ýetirmäge çalşyň. Kömek edýän adamlar soňrak peýda bolup bilerler, emma başlangyç ädimleri özbaşdak ätmeli bolarsyňyz. Ikinji ýarymda maksada ýetmek üçin has köp güýç sarp etmeli bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa siz tutanýerlilik görkezersiňiz we bu size ähli kynçylyklary ýeňmäge kömek eder.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün dürli ýagdaýlar bilen baý bolar  hem gowy habarlary hem-de käbir kynçylyklary getirip biler. Şeýle ýagdaýda iň möhüm zat asudalygy saklamak, duýga berilmän oýlanyşykly hereket etmekdir. Başda bu kyn ýaly görünse-de, siz muňa üstünlikli baş goşarsyňyz.Möhüm kararlary özbaşdak kabul etmäge çalşyň, daş-töweregiňizdäkileriň basyşyna boýun egmäň. Maslahatlary diňläp bilersiňiz, ýöne olary hökman ýerine ýetirmeli däl. Her bir söz peýdaly bolman biler, şonuň üçin diňe öz paýhasyňyza daýanyň. Ownuk jikme-jikliklere üns bermek örän möhümdir, sebäbi kiçijik bir zat soň uly ähmiýete eýe bolup biler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün möhüm meseleleri çözmek we kyn işlere girişmek üçin örän amatlydyr. Siz çylşyrymly ýagdaýlaryň hem hötdesinden gelmegi başararsyňyz, hatda ýeke özüňiz bolsaňyz hem. Köp zatlarda döredijilikli pikirlenmek peýda berer. Şol sebäpli başgalara köp wagt gerek bolan işleri siz has çalt tamamlarsyňyz.
Geljegi meýilleşdirmek üçin hem amatly gün. Siz ýagdaýlara dogry baha berip bilersiňiz we öz mümkinçilikleriňizi aşa ulaldyp görkezmersiňiz, şonuň üçin ýalňyş kararlardan gaça durarsyňyz.
Maliýe ýagdaýynda gowulaşmalar bolup biler, girdejiler ýa-da peýdaly satyn alyşlar ähtimaldyr.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün köp wakalar bilen geçer olaryň käbiri garaşylmadyk we birneme kyn bolup biler. Emma siz asudalygy saklap ýagdaýdan peýda çykarmagyň ýoluny taparsyňyz.Günüň başynda öň başlan işleriňizi tamamlamaga üns beriň. Munuň üçin sabyr gerek bolar sebäbi netije derrew gelmez. Käbir Hutlar öň biynjalyk eden soraglaryna jogap taparlar, bu bolsa olara ýeňillik we ynam getirer.Günüň ikinji ýarymy täze başlangyçlar üçin amatlydyr, emma daş-töweregiňizdäkiler siziň işiňize goşulyp bilerler. Muňa asuda seretmek möhümdir. Agşam ýadawlyk duýulmagy mümkin, şonuň üçin özüňize dynç bermek wajypdyr.
Hormatly okyjylarymyz!