Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün ýakynlaryňyz bilen söhbetdeşlik etmek, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin örän amatlydyr. Öň töwekgelçilikli ýaly görünýän pikirleriňiz häzirki wagtda goldawa eýe bolup biler. Uly maksatlary öňünde goýýan Hamallar özlerine ynamly ýoldaşlary taparlar. Döredijilikli pikirleriňizi amala aşyrmak üçin amatly pursaty elden gidirmäň, sebäbi ylham sizi hökman tapar.Öň diňe dostlukly bolan gatnaşyklar, biraz batyrgaýlyk we gyzyklanma görkezseňiz, garaşylmadyk ýagdaýda söýgi öwüşginine eýe bolup bilersiňiz.Maliýe babatda ýakymly girdejiler garaşylýar. Şeýle hem amatly satyn alyşlary amala aşyrmak ýa-da öý bilen bagly käbir meseleleri uly çykdajylarsyz çözmek mümkin bolar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün adamlar bilen aragatnaşyk etmek üçin hem amatlydyr, ýöne çeýeligi we ylalaşyga taýýarlygy görkezmek möhümdir. Artykmaç tutanýerlilik ýakynlaryňyz bilen ownuk düşünişmezliklere sebäp bolup biler. Başgalaryň pikirini has köp diňlemäge çalşyň we aýdylýan tankyt sözlerine öýke-kine etmäň esasanam olaryň içinde hakykat bar bolsa.Günüň ikinji ýarymy maşgala çärelerine gatnaşýan ýa-da garyndaşlary bilen bilelikde bir ýere gidýän Sowurlar üçin ýakymly garaşylmadyk wakalary wada berýär. Şeýle hem köp şatlykly duýgular we ýatda galyjy pursatlar bolar.Maliýe meselelerinde ýeňilkellelikden gaça durmak möhümdir. Bu gün adaty günlere garanyňda, gereksiz çykdajylara has meýilli bolup bilersiňiz. Şonuň üçin duýdansyz satyn alyşlardan saklanmak we zerur däl harajatlary azaltmak maslahat berilýär.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün çynlakaý çemeleşmek peýdaly bolar. Günüň dowamynda meýilnamalary düzmek, geljek üçin strategiýalary işläp taýýarlamak ileri tutulýan ugurlary gaýtadan gözden geçirmek hem-de möhüm çözgütleri oýlanyşykly kabul etmek üçin amatly mümkinçilikler dörär.Siz ýagdaýlara dogruçyl baha bermegi başararsyňyz, ýalan umytlardan daşda durarsyňyz we maksadyňyza eltjek dogry ýoly saýlarsyňyz. Daş-töweregiňizdäkiler tarapyndan soralmadyk maslahatlar berlip bilner, olaryň hemmesi hem peýdaly bolmaz ýöne hiç kim sizi öz maksadyňyzdan sowup bilmez.Möhüm işe girişen Jöwzalar tutanýerlilik görkezseler, isleýän netijelerine ýeterler. Şeýle-de bolsa, üstünligiň dessine gelmejekdigini unutmaň, sabyrly bolmak zerurdyr. Maliýe meselelerinde, aýratyn-da maşgala býujeti bilen bagly ýagdaýlarda, howlukmaň. Uly satyn alyşlary etmezden öň dürli mümkinçilikleri deňeşdirip, iň amatlysyny saýlaň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün köp aladalary getirip biler emma kyn pursatlarda size goldaw bermäge taýýar adamlar ýanyňyzda bolar. Dostlaryňyzdan ýa-da garyndaşlaryňyzdan kömek soramakdan çekinmäň, olaryň goldawy öz wagtynda we peýdaly bolar. Sizi gowy tanaýan adamlar bilen maslahatlaşmak aýratyn ähmiýetlidir. Olar siziň ünsden düşüren käbir möhüm zatlaryňyza ünsi çekip bilerler.Jogapkärçilikli işlere girişmek üçin amatly gün. Siz olaryň hötdesinden üstünlikli gelersiňiz. Şeýle-de bolsa ownuk jikme-jikliklere aýratyn üns bermek möhümdir sebäbi netijäniň nähili boljakdygy köplenç şolara baglydyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün aragatnaşyk üçin örän düşümli bolar. Siz daş-töweregiňizdäkiler bilen aňsat düşünişersiňiz, öň ylalaşmak kyn bolan adamlar bilen hem umumy dil taparsyňyz. Ýakymly tanyşlyklaryň bolmagy, wagtyň geçmegi bilen berk dostluga öwrüljek gatnaşyklaryň başlangyjy mümkin.Söýýän adamyňyz bilen gatnaşyklarda ownuk düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Bu möhüm meseleleri, aýratyn-da öň jedellere sebäp bolan temalary ara alyp maslahatlaşmak üçin iň amatly wagtdyr. Günüň ikinji ýarymynda gyzykly pikirler peýda bolar we olary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler açylar. Köp Esetler üçin bu döwür örän netijeli geçer. Bu alamatyň wekilleri köp peýdaly işleri ýerine ýetirerler we munuň üçin aşa köp güýç sarp etmeli bolmazlar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Ir säher wagty birneme dartgynly bolup biler. Munuň sebäbi daşky ýagdaýlardan däl-de köplenç öz içki duýgularyňyz bilen bagly bolar. Siz ownuk kynçylyklara we başgalaryň belliklerine aşa duýgur çemeleşip adaty ýagdaýda üns bermejek zatlaryňyz sebäpli alada edip bilersiňiz.Asudalygy saklamaga çalşyň we howlukmaç netijelere gelmäň. Çylşyrymly meseleleri gozgamaň gatnaşyklary anyklamak üçin amatly pursata garaşyň. Çynlakaý söhbetleri has amatly wagta goýmak dogry bolar. Göwnüňizi göterjek gyzykly işler bilen meşgullanmak peýdalydyr. Dostlar bilen aragatnaşyk hem oňyn täsir eder, olaryň paýlaşan pikirleri täze meýilnamalara itergi berip biler.Günüň ikinji ýarymynda duýgy ýagdaýyňyz has durnuklaşar. Bu döwür ýakynlar bilen duşuşmak, garyndaşlary görmek, söýgi duşuşyklaryny geçirmek we myhman kabul etmek üçin örän amatlydyr. Ýakymly sowgatlaryň ýa-da maşgala bilen bagly şatlykly wakalaryň bolmagy mümkin. Öňki tanyşlarynyň ykbaly barada alada eden Sünbüleler gowy habarlary eşiderler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Maliýe meselelerinde aýratyn seresap boluň. Hut pul bilen bagly ýagdaýlarda oňyn täsirler beýle güýçli duýulmaz. Şonuň üçin ýeňilkellelikden, howlukmaç çözgütlerden we oýlanman edilen hereketlerden gaça durmak zerurdyr. Duýdansyz edilen satyn alyşlar üstünlikli bolmaz, şonuň üçin çykdajylaryňyzy öňünden meýilleşdirmek maslahat berilýär.Öý işleri bilen meşgullanmagy meýilleşdirýän Mizanlar hem ünsli bolmalydyr. Mysal üçin, ownuk abatlaýyş işlerinde howlukmak ýa-da jikme-jikliklere üns bermezlik ýalňyşlyklara getirer.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün örän üstünlikli geçer, oňyn täsirler durmuşyň ähli ugurlarynda diýen ýaly duýlar. Täze bir işe girişmek isleseňiz, üstünlige bolan ynamyňyz töweregiňizdäkileri hem ruhlandyrar. Öň siziň meýilnamalaryňyza şübhe bilen garan adamlar hem olary durmuşa geçirmäge gatnaşmak islärler. Garaşmadyk adamlardan hem goldaw teklipleriniň gelmegi mümkin.Bu gün täze tanyşlyklar üçin hem örän amatlydyr. Täze bilimleri almaga, tejribe paýlaşmaga ýa-da peýdaly maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berýän çärelere gatnaşmakdan ýüz öwürmäň. Hut şol ýerde siz diňe bir ýakymly söhbetdeşleri däl, eýsem ygtybarly we peýdaly hyzmatdaşlary hem tapyp bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymy asuda geçer. Bu wagt öz duýgularyňyza we islegleriňize düşünmek, ýakyn hem uzak geljek üçin meýilnamalaryňyzy kesgitlemek amatly bolar. Käbir Akraplar durmuşdaky ileri tutulýan ugurlaryny täzeden gözden geçirip, nähili üýtgeşmeleri isleýändiklerine düşünerler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün dürli işler üçin örän düşümli bolar. Ýyldyzlar batyrgaý başlangyçlaryňyzy goldar. Şonuň üçin çylşyrymly meselelere ynam bilen girişip, köp wagtdan bäri yza süýşürilen işleri tamamlamak ýa-da täze ugurlarda özüňizi synap görmek üçin amatly pursatdyr.Gazanjak üstünlikleriňiz ünsden düşmez. Hut siziň ýaran hökmünde görmek isleýän adamlaryňyz bu üstünlikleriňize ýokary baha bererler. Käbir Kowuslar diňe bir ykrar edilmek bilen çäklenmän, täsirli adamlaryň goldawyna hem eýe bolarlar.Şahsy durmuşda oňyn özgertmeleriň bolmagy ähtimal. Söýýän adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyz has mähirli we ynamly häsiýete eýe bolar. Täze tanyşlyklara taýýar bolan Kowuslar durmuşlarynda möhüm orun eýelejek adam bilen duşuşyp bilerler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Sizi köp wakaly we birneme çylşyrymly gün garaşýar. Eger möhüm bir işi meýilleşdiren bolsaňyz, köp meseleleri özbaşdak çözmeli boljakdygyňyza taýýar boluň. Bu bolsa siziň üçin uly kynçylyk döretmez. Ilki başda birneme aljyrap bilersiňiz, emma tiz wagtdan özbaşdak hereket etmegiň hem öz peýdasynyň bardygyna düşünersiňiz. Köp Jediler bu gün geljekde özlerine peýdasy degjek gymmatly tejribä eýe bolarlar.
Maliýe meselelerinde töwekgelçilik etmekden gaça duruň we diňe şowlulyga bil baglamaň. Garaşylmadyk çykdajylary mümkin boldugyça azaltmaga çalşyň. Pul tygşytlamak ukyby şu gün köp Jediler üçin aýratyn peýdaly bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün, özüňize goşmaça kynçylyk döretmeseňiz gowy geçer. Köp Daluwlar ýüze çykýan meseleleriň çylşyrymlylygyny ulaldyp görmäge, ownuk wakalar sebäpli alada etmäge ýykgyn ederler. Gatnaşyklarda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Käwagt daş-töweregiňizdäkileriň siziň bähbitleriňizi ýeterlik derejede nazara almaýandygyny pikir edip bilersiňiz. Emma özüňiz hem hemişe başgalara garşy ädim ädip bilmersiňiz. Biraz çeýelik görkezmek düşünişmezlikleriň öňüni almaga kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda içki aladalaryňyzy ýakyn adamlaryňyz bilen paýlaşmak peýdaly bolar. Olaryň goldawy ynamyňyzy dikeldip, ýagdaýlara has asuda nazar bilen garamaga ýardam eder. Eger ýakynda köne tanyşlaryňyz bilen dawa eden bolsaňyz, ilkinji ädimi edip, ýaraşmak we gatnaşyklary dikeltmek mümkinçiligi bolar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Eger tutanýerlilik görkezseňiz we ýoluňyzda päsgelçilikler ýüze çyksa-da meýilnamalaryňyzdan ýüz öwürmeseňiz, köp möhüm we peýdaly işleri ýerine ýetirersiňiz. Siziň gaýduwsyzlygyňyz we maksada okgunlylygyňyz töweregiňizdäkileri geň galdyrar. Siziň şeýle tutanýerli häsiýetiňizi öň bilmeýän adamlar haýran galarlar. Bu bolsa ýakyn wagtda gyzykly teklipleriň gelmegine sebäp bolup biler sebäbi şeýle ynamdar hyzmatdaş hemmelere gerekdir.Hatda gündelik we adaty işlere hem döredijilikli çemeleşersiňiz. Bu bolsa garaşyşyňyzdan has tiz netije almaga ýardam eder. Käbir Hutlar özleriniň batyrgaý pikirlerini synap görmäge, täze zatlary öwrenmäge mümkinçilik alarlar. Şeýle hem siziň gyzyklanmalaryňyzy paýlaşýan adamlar bilen täze tanyşlyklar döremegi mümkin.Günüň ilkinji ýarymy öý işleri, ownuk abatlaýyş işleri, mebel ýa-da maşgala üçin peýdaly zatlary satyn almak üçin amatly bolar. Soňra bolsa iş ýüküni azaltmak we dynç almak maslahat berilýär.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
