JEMGYÝET

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhani arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynam ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

Şeýle hem, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Adam atlarynyň manysy 9-njy ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri meşhur özbek aýdymçysy Farruh Zokirowy ýubileý ýaş toýy bilen gutlady

Türkmenistan Russiýa täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri