TEHNOLOGIÝA

Ýerdan has alysdaky ýyldyz tapyldy

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) we NASA-nyň “Hubble” kosmos teleskopy Ýerden has uzakda synlap boljak “Earendel” ýyldyzy tapdy. Bu barada agentligiň saýtynda habar berilýär.

Ýerden 12,9 milliard ýagtylyk ýyly uzakdaky ýyldyza “ertirki ýyldyz” ýa-da “beýgelýän ýagtylyk” manysyny berýän “Earendel” diýip at dakdylar. Bu ýyldyzyň şöhlesiniň Ýere gelip ýetmegi üçin 12,9 milliard ýyl gerek. Äpet ýyldyzyň massasynyň Günden azyndan 50 esse köpdügi bellenilýär. Baltimordaky Jons Hopkins adyndaky uniwersitetde zähmet çekýän astrofizik Braýan Welş bu açyşyň irki zamanlardaky ýyldyzy jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýändigini belleýär.

“Hubble” 1990-njy ýylda işe girizildi. 31 ýylyň dowamynda teleskopuň işi bilen 1.5 million ylmy-barlaglar geçirildi. Şonuň esasynda 18 müň ylmy işler taýýarlandy.

 

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji sapary

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar