TEHNOLOGIÝA

Birinji çärýekde iň köp satylan smartfon

“Apple” kompaniýasynyň akylly telefony koronawirus pandemiýasyna garamazdan, iñ köp satylan telefonlaryñ arasynda birinji orny eýeledi. “Omdia” kompaniýasynyñ maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyñ birinji çärýeginde iñ köp satylan akylly telefon “iPhone 11” boldy. Hasabat döwründe bu akylly telefonyň 19,5 million sanysy satyldy.

Satuw boýunça ikinji orny “Samsung Galaxy A51” eýeledi. Dünýä bazarynda bu telefonyň 6,8 million sanysy satyldy. Şeýle hem  iň köp satylan telefonlaryň sanawynda “Redmi Note 8” we “Redmi Note 8 Pro” akylly telefonlary bar. Olaryñ söwdasy degişlilikde 6,6 we 6,1 million birlige deň boldy.

2019-njy ýylyñ birinji çärýeginde birinji orny eýelän “iPhone XR” akylly telefony 5-nji orny eýeledi. Bazarda onuň 4,7 million sanysy satyldy. Mundan başga-da, degişli döwürde “iPhone 11Pro” we “iPhone 11 Pro Max” smartfonlarynyň degişlilikde 3,8 we 4,2 million sanysy satyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi