TEHNOLOGIÝA

«Huawei Honor 30» akylly telefony 15-nji aprelde satuwa çykarylar

«Huawei» kompaniýasyndan «Honor 30» we «Honor 30 Pro» seriýaly täze akylly telefonlar 15-nji aprelde satuwa çykarylar. Onuň kamerasy 50 megapiksele barabardyr. Bu telefon esasan hem surata almagy halaýan alyjylara niýetlenendir. Kompaniýa bu akylly telefonyň dürli reňklerde alyjylara gowuşjakdygyny habar berýär. «Honor 30» akylly telefonlary kompaniýanyň häzirki wagta çenli döreden telefonlarynyň arasynda iň naýbaşysy bolmagyna garaşylýar. Bu akylly telefonlarynyň häzirki wagtda bahasy mälim edilmedi.

Related posts

“Apple Watch” sagadynyñ täze funksiýasy

“Dubai Airshow 2023” halkara sergisi geçirilýär

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler