JEMGYÝET

“Porsche Taycan” ulagynyň dünýä rekordy

Germaniýanyň “Porsche Taycan” ulagy Amerikanyň konferens-merkezinde sagatda 160 kilometrlik tizlige ýetip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy.

“Porsche Taycan” elektrik togy bilen işleýän ulagyň dünýä rekordy üsti ýapyk binada amala aşyryldy. Ulagyň bu rekordy kompaniýanyň resmi “YouTube” ýaýlymynda hem görkezildi.

Bu rekord ABŞ-nyň Täze Orlean şäherinde amala aşyryldy. Munuň üçin umumy meýdany 100 müň inedördül metrden gowrak bolan Ernest N. Morial adyndaky konferens-merkezi saýlanyp alyndy.

“Porsche Taycan” elektroulagynyň “Turbo S” modifikasiýasy has güýçli hasap edildi. Ol iki sany elektrik hereketlendirijiler bilen üpjün edilip, 761 at güýjüne eýedir. Şeýle ulaglaryň iň ýokary tizligi sagatda 260 kilometre deňdir.

“Porsche Taycan” ulagyny tejribeli awtoulag sürüjisi Le Kin dolandyrdy. Ol ulagy sagatda 165,2 kilometre ýetirip bildi.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň noýarynda “Porsche Taycan” ulagy elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň arasynda iň dowamly drift boýunça dünýä rekordyny goýupdy. Şonda niderlandly sürüji  sagatda 46 kilometrlik tzilik bilen 210 aýlaw edipdi. Bu görkezme çäresi 55 minut dowam edipdi.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar