TEHNOLOGIÝA

Täze elektrik awtoulagy satuwa çykar

Soňky ýyllarda uly ösüşler gazanýan elektrik awtoulag tehnologiýasynda täze modeller döredilýär. ABŞ-nyň täze kompaniýasy “Rivian” 2018-nji ýylda Los-Anjeles awtoulag sergisinde ilkinji gezek çykyş etdi. Kompaniýa elektrik awtoulag tehnologiýasyny ösdürmek üçin birnäçe işler alyp barýar.

Kompaniýanyň täze elektrik awtoulag modeli “Rivian R1T” ady bilen 2021-nji ýylyň iýun aýynda satuwa çykar. Üç dürli batareýa ulgamy (105 kWt, 135 kWt we 180 kWt) bilen üpjün edilen pikap ulagy 370 kilometrden 645 kilometre çenli aralygy geçer.

Çalt zarýad bermek tehnologiýasy hem üpjün edilen. Awtoulagyň bu ulgamy ulanyp 30 minutlyk zarýad bilen 320 kilometr geçip biler.

Ulag adaty rozetkalar arkaly 10 sagatda zarýad alar. Awtoulagyň bahasy 52,500 amerikan dollara barabar bolar

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi