SPORT

Gurban Berdiýew Eýranyň toparyna tälim berer

Ildeşimiz Gurban Berdiýew Eýranyň futbol çempionatynda öz işini dowam etdirer. Russiýanyň “Rubin” hem-de “Rostow”, Gazagystanyň “Kaýrat” toparlaryna tälim beren Gurban Berdiýew Eýranyň “Traktor” toparyna tälimçi boldy.

Ol bu wezipede işlän hem-de 9-njy iýunda wezipesinden çekilen türk tälimçi Ertugrul Saglamyň ornuna geçdi. 69 ýaşyndaky Gurban Berdiýew şol bir wagtda toparyň tehniki direktory wezipesine hem bellendi.

Mälim bolşy ýaly, Gurban Berdiýewiň soňky işlän ýeri Gazagystanyň “Kaýrat” topary bolupdy. Ol bu topara 2021-nji ýylyň awgustyndan tälim berip başlapdy. Onuň ýolbaşçylygynda gazak topary Gazagystanyň Kubogyny gazandy we ýurduň futbol çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy.

Gurban Berdiýewiň Eýranyň futbol çempionatynda öz tejribesini barlap görmäge ozalky “Rubin” hem-de “Rostow” toparynyň düzüminde çykyş eden, häzirki wagtda Germaniýanyň “Baýer” toparynda oýnaýan eýranly futbolçy Serdar Azmun kömek etdi. Serdar Azmunyň teklibi bilen Eýranyň topary Berdiýew bilen işleşmäge mümkinçilik aldy.

Eýranyň “Traktor” topary ýerli traktor zawodynyň döreden futbol klubydyr. Ýöne topar ýurduň çempionatynda çykyş edip başlap, ýokary netijeler gazanyp başlady. Topar  häzirki wagta çenli 2 gezek Eýranyň kubogyny gazandy we çempionatda ikinji orny eýelemegi başardy.

Mundan ozal, eýran toparyna dünýä belli tälimçiler – Jorjes Likens, Mustafa Denizli, Jon Toşak we Antonio Hose Oliweýra ýaly tälimçiler tälim berdi.

 

 

21-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy