SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanly syýahatçylar Haýnan adasyna syýahat ederler

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň Hytaýyň Hainan Weidu International Travel Co. Ltd kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklarynda syýahatçylyk ugurlaryny guramak we Aşgabat-Sanýa (Haýnan adasyna) uçar gatnawyny açmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Haýnan adasy ösen syýahatçylyk düzümleri, dürli röwüşli tropiki tebigaty, arassa deňiz suwy we suwa düşülýän kenarýakalary, şypaly gyzgyn çeşmeleri bilen tanalýar. Galyberse-de, Haýnan ýylboýy işleýän şypahanadyr. Adada hyzmatlaryň ählisi bolan amatly myhmanhanalar bar.

9–12-nji fewral aralygynda geçirilen duşuşyklarda bellenip geçilişi ýaly, syýahatçylyk pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklary pugtalandyryp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» halkara başlangyjynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan bar bolan we täze söwda, ulag ýollaryny, şeýle hem ykdysady geçelgeleri döretmäge gönükdirilen taslamalar syýahatçylar üçin mümkinçilikleri giňelder.

Duşuşyklara gatnaşan Türkmenistanyň «Aziýanyň merjeni», «Bagtyýar dostluk», «Dag syýahat», «Aşgabatsyýahat» syýahatçylyk kompaniýalary hem hytaýly syýahatçylaryň ýurdumyza syýahatyny guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde daşary ýurduň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň muzeýine we «Nusaý» döwlet medeni-taryhy goraghanasyna baryp gördi. Mundan başga-da, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hytaý kompaniýasyny ýakyn wagtda geçiriljek «Ak şäherim – Aşgabat» halkara sergisine gatnaşmaga çagyrdylar.

Hytaýda syýahatçylyk pudagynda iň abraýly kompaniýalaryň biri Hainan Weidu International Travel Co. Ltd kompaniýasynyň dürli ulaglarynyň ençemesi bar. Ýewropa, Aziýa we GDA ýurtlaryndan iri syýahatçylyk operatorlary kompaniýanyň hyzmatdaşlarydyr.

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi