Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza ýurdumyzyň welaýatlaryndan ildeşlerimiziň uly topary geldi. Olar ähli amatlyklary özünde jemleýän «Aşgabat» hem-de «Sport» myhmanhanalarynda ýerleşdiler. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen dili senaly ýaşulularyň, kanun çykaryjy häkimiýetiň we syýasy partiýalaryň agzalarynyň, beýleki ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleriň gözel paýtagtymyza saparynyň çäklerinde medeni maksatnama hem göz öňünde tutuldy. Munuň özi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli forumy ýatdan çykmajak wakalara beslär.
Düýn Aşgabadyň demir ýol we Halkara howa menzillerinde guralan çäreler oňa gatnaşyjylara toý ruhuny bagyşlady. Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan gelen ildeşlerimiziň demir ýol menzilinde garşylanyş pursadynda döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy dabara aýratyn ýaraşyk berdi. Goýny üç ýüz altmyş pirli Daşoguz topragyndan gelen myhmanlarymyz bolsa halkara howa menzilinde milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek bilen garşylanyldy.
Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Şoňa görä-de, 23-nji sentýabrda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezer. Şol taryhy wakalara gözli şaýat boljak ildeşlerimiz hem mejlisde aýdyljak möhüm tekliplere öz seslerini goşarlar.
Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylaryň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, konsert boldy. Paýtagtymyzyň myhmanlary «Watan mukaddesligi» muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler, Mukamlar köşgünde konserte tomaşa etdiler. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda, kinokonsert merkezlerinde dürli görnüşli filmleriň görkezilmegi bolsa olaryň oňat dynç almagyny üpjün edýär. Munuň özi ildeşlerimizde döwletli geňeş bilen bagly ýakymly ýatlamalary galdyrýar.
