JEMGYÝET

Ýewropada ahalteke bedewleriniň ilkinji halkara gözellik çempionaty geçiriler

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­yň esasy wakalaryň biri 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynda geçiriler. Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherçesiniň Peelbergen atcylyk sport toplumynda ahalteke bedewlweriniň halkara gözellik çempionaty hem-de atly sport çäreleri guralar.

Bu barada şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat brifinginde habar berildi. “Ata Watan Media” toparynyň hem gatanaşan brifingine Türkmenistandaky daşary ýurtly ilçiler, daşary ýurtly we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabarada edilen çykyşlarda 2026-njy ýylyň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly diýlip yglan edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň göz guwanjy hem-de milli mirasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhradyny dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen halkara çärelerini guramak meýilleşdirildi.

Şeýle çäreleriň biri – Ýewropanyň merkezinde, ýagny Niderlandlar Patyşalygynda geçiriler. Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherçesinde ahalteke bedewleriniň ilkinji halkara gözellik çempionaty geçiriler.

Şeýle hem bu dabaralaryň çäklerinde köp sanly medeni çäreler göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda giň gerimli sergi ýaýbaňlandyrylar.

Ahalteke bedewleriniň ilkinji halkara gözellik çempionatynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy maslahaty geçiriler. Onda ahalteke bedewleriniň şan-şöhradyny giňden wagyz etmek, atçylyk senagatyny ösdürmäge degişli ugurlarda pikir alyşmalar geçiriler.

Ahalteke bedewleriniň gözellik çempionatynyň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň arasynda bäsleşikleri guramak göz öňünde tutulýar.

Ganatly bedewleriň gözellik çempionatyna 1, 2, 3 we 4 ýaşly atlar gatnaşdyrylar. Olaryň arasynda bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybarat bolar. Şeýle hem konkur bäsleşigini geçiriler.

Ýewropa sebitinde ilkinji gezek geçirilýän bu giň gerimli gözellik çempionaty dünýäniň köp sanly teleýaýlymlarynda giňden şöhlelendirmek maksat edinilýär.

Häzirden Türkmenistan tarapy ahalteke bedewleriniň gözellik çempionaty halkara derejesinde mahabatlandyrmak işine girişdi. Şunuň bilen baglylykda, brifinde gatnaşan daşary ýurtlaryň ilçilerinden bu ugurda degişli goldawlaryny bermeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Metbugat brifinginde Türkmenistanyň “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Medeniýet ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň öňde boljak halkara çäre boýunça giňişleýin maglumat berdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi