Şanhaýda geçirilen türkmen-hytaý işewürler forumy iki ýurduň 470-den gowrak işewür wekillerini bir ýere jemledi.
Şanhaý şäherinde Türkmen-Hytaý işewürler forumynyň birinji güni tamamlanýar. Forumyň işine Hytaýyň 300-e golaý kompaniýasyna we guramasyna wekilçilik edýän 350-den gowrak wekili, şeýle hem Türkmenistandan 120-den gowrak wekil gatnaşýar.

Häzirki wagtda forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen B2B we B2G görnüşindäki işewür duşuşyklar geçirilýär.
