ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy F-1 talyp wizasy bilen Amerikada bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň okuw döwründe ýa-da okuwy tamamlandan soň iş tejribesini geçmegine mümkinçilik berýän OPT (Optional Practical Training) maksatnamasy üçin 70 müň amerikan dollary möçberinde täze töleg girizmegi teklip etdi.
ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministrligi (DHS) tarapyndan taýýarlanan teklip 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Federal Register resmi neşirinde çap edildi. Teklip boýunça OPT maksatnamasyna ilkinji gezek gatnaşýan her bir daşary ýurtly talyp üçin 70 müň dollar, soňraky OPT rugsatnamalary, şol sanda STEM OPT uzaltmalary üçin bolsa goşmaça 30 müň dollar töleg göz öňünde tutulýar.
OPT näme?
OPT — ABŞ-da F-1 wizasy bilen okaýan daşary ýurtly talyplara öz hünärleri boýunça iş tejribesini toplamaga mümkinçilik berýän maksatnamadyr.
Adatça, ýokary okuw mekdebini tamamlan daşary ýurtly talyplar 12 aýa çenli OPT rugsatnamasyny alyp bilýärler. Ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlaryny tamamlan talyplar bolsa degişli şertleri ýerine ýetirip, bu möhleti goşmaça 24 aý uzaldyp bilýärler.
Häzirki wagtda OPT üçin USCIS-e ýüz tutmagyň tölegi, adatça, 500 dollar töweregindedir. Täze teklip kabul edilse, maksatnama gatnaşmak bilen bagly çykdajylar düýpli ýokarlanar.
70 müň dollary kim tölemeli bolar?
Teklip edilýän düzgünlere görä, 70 müň dollarlyk töleg talybyň özüne däl-de, OPT üçin maslahat berýän we SEVP tarapyndan tassyklanan ýokary okuw mekdebine gönükdirilýär.
Ýagny, uniwersitet talyba OPT maslahatyny bermezden ozal degişli tölegi geçirmeli bolar. Şeýle-de bolsa, bu çykdajylaryň geljekde talyplara nähili täsir etjekdigi heniz belli däl.
ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministrligi täze tölegleriň girizilmeginiň esasy maksadynyň OPT maksatnamasyndaky galplyklaryň öňüni almak, immigrasiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we amerikan işgärleriniň bähbitlerini goramakdygyny mälim etdi.
Täze düzgün eýýäm güýje girdimi?
Ýok. Bu häzirlikçe diňe kanunçylyk taýdan hödürlenen düzgün taslamasydyr.
Teklip boýunça jemgyýetçilik pikirleri 2026-njy ýylyň 9-njy noýabryna çenli kabul edilýär. Soňra degişli edaralar gelen teklipleri seljerip, gutarnykly karar kabul edip bilerler.
Eger täze düzgün tassyklansa, onuň gutarnykly görnüşi resmi çap edilenden 60 gün soň güýje girmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, häzirki wagtda ABŞ-da bilim alýan we OPT maksatnamasyna ýüz tutmagy meýilleşdirýän daşary ýurtly talyplar üçin hereket edýän düzgünler we tölegler üýtgewsiz galýar.
Bu teklibiň kabul edilmegi ABŞ-da bilim almagy we okuwyny tamamlandan soň iş tejribesini toplamagy meýilleşdirýän müňlerçe daşary ýurtly talyba, şol sanda türkmenistanly ýaşlara hem täsir edip biler.
