DÜNÝÄ

Türkiýäniň ilçisi Şener Jebeji Türkmenistanyň wise-premýeri Guwanç Agajanow bilen duşuşdy

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebit-gaz toplumy boýunça orunbasary Guwanç Agajanow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar energetika serişdeleri babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek we özara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

14 ýaşly professor

vepa

Hytaýyň Başlygynyň pandemiýadan soň ilkinji döwlet saparlary

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler