DÜNÝÄ

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde GDA-nyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Döwletimiz bu guramanyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň çärelerine işjeň gatnaşýar we köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa paýtagtymyzda degişli iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap döwletimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýandygyny belledi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň işine işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Ilçi Gismat Gozalow Türkmenistanda “WUF13” çäresiniň ähmiýeti barada çykyş etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi