JEMGYÝET

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli resminama gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, gol çekilen resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramow şol bir wagtda Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine belledi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramow Türkmenistanyň Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA)  ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesini hem alyp barýar.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurypdy.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar