DÜNÝÄ

Türkmenistanda Azerbaýjanyň gatnaşmagynda «Ene tebigat» atly halkara sergi açylar

Ýakyn günlerde Geýdar Aliýew gaznasy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanda «Ene tebigat» atly halkara sergini açarlar.

Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Bakuwda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabarada mälim etdi.

Diplomatyň aýtmagyna görä, halkara sergi Türkmenistanda noýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Ilçi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidigini nygtady.

«Türkmenistanda we Azerbaýjan Respublikasynda Medeniýet günleriniň, sergileriň, festiwallaryň we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam edýär» diýip, Elýasow belledi.

Onuň bellemegine görä, geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri Bakuwda we Genjede geçirildi. Şu ýylyň 5–7-nji iýunynda bolsa Azerbaýjanyň Medeniýet günleri Aşgabatda we Arkadag şäherinde geçirildi.

Related posts

“T-Roc Cabriolet” täze nusgada gelýär

vepa

Bütindünýä statistika güni

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň kiçi seýilgähi