DÜNÝÄ

Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar

Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Jassem Mohammed Albudaýwi bilen Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew bilen duşuşdy. Duşuşyk guramanyň Er-Riýaddaky merkezi binasynda geçirildi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşykda  2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Baş sekretar öz gezeginde Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Türkmenistan, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleri bilen strategik dialogyny pugtalandyrmaga taýýardygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirilipdi.

Bu ministrler duşuşygy ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny, iki tarapyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagy we işewürlikde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy öz içine alýan 2023-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde geçirildi.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy