BIZNES

Mikail Jabbarow: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygy Orta geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrýar

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Orta geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaradaky çykyşynda belledi.

Ministriň aýtmagyna görä, üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberi ýylsaýyn artmagyny dowam etdirýär.

«Türkmenistan döwrebap ulag infrastrukturasyna eýedir. Azerbaýjan bolsa öz deňiz portuna, demir ýol ulgamyna we beýleki logistika desgalaryna uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirdi. Biz bu ugurdaky bilelikdäki tagallalaryň tutuş sebit üçin uly peýda getirjekdigine berk ynanýarys» diýip, ministr belledi.

Şeýle hem ministr türkmen nebitiniň Azerbaýjanyň çäginden geçip, halkara bazarlaryna daşalýandygyny aýtdy. Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) Türkmenistanyň geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Jabbarow 2026-njy ýylyň iýul aýynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň dokuzynjy mejlisinde taraplaryň söwda-ykdysadyýet, energetika, ulag, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, iki ýurduň hyzmatdaşlygy bilelikdäki kärhanalary we senagat toplumlaryny döretmek, şeýle hem tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Related posts

Nah ýüplükleriň uly tapgyry eksporta ýerlenildi

Ata Watan Eserleri

“LC Waikiki” markasy barada

Jemi Içerki Önümiň Möçberi 5,9 göterim artdy