BIZNES

Türkmen-türk işewürler maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda açylan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde türkmen-türk işewürler maslahaty geçirildi.

 Oňa türk işewürleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan köp sanly telekeçiler gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew we Türkiýe Respublikasynyň wise-Prezidenti Jewdet Ýylmaz çykyş edip, iki ýurduň işewürlerini has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga çagyrdy.

Jewdet Ýylmaz iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2022-nji ýylda 2 milliard dollardan gowrak bolandygyny belläp, 2023-nji ýylyň 11 aýynda 2,5 milliard dollar ýetendigini aýdyp, 5 milliardlyk maksada ýetmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigini belledi.

Maslahatyň dowamynda iki dostlukly ýurduň dürli pudaklaýyn edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy we degişli resminamalara gol çekildi.

Ýene-de okaň

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi