BILIM

Türkmenistanda ilkinji gezek TR-ÝÖS synagy geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda ilkinji gezek Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurtly talyplary kabul etmek üçin geçirilýän TR-ÝÖS synagy guraldy.

Bu barada Aşgabatdaky Türk-Anadoly mekdebiniň @askabat_otto atly resmi Instagram sahypasynda habar berildi.

Habarda bellenilişine görä, Türkiýäniň Ölçeg, saýlama we ýerleşdiriş merkezi (ÖSYM) tarapyndan guralýan 2026-TR-ÝÖS/2 synagy 11-nji oktýabrda ilkinji gezek Türkmenistanda, Aşgabatdaky Türk-Anadoly mekdebinde geçirildi.

TR-ÝÖS näme?

TR-ÝÖS (Türkiye Yurt Dışından Öğrenci Kabul Sınavı) — Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän daşary ýurtly dalaşgärler üçin geçirilýän merkezi kabul ediş synagydyr.

Synag Türkiýäniň ÖSYM edarasy tarapyndan guralýar we onuň netijeleri Türkiýäniň degişli uniwersitetlerine kabul edilmek üçin ulanylyp bilner.

TR-ÝÖS synagynda dalaşgärleriň, esasan, matematika we logiki pikirlenmek ukyplary barlanýar. Synagyň netijelerini kabul etmek we beýleki kabul ediş şertlerini kesgitlemek degişli uniwersitetleriň ygtyýaryndadyr.

Synagyň netijeleri haçan yglan ediler?

ÖSYM tarapyndan yglan edilen senenama laýyklykda, 2026-TR-ÝÖS/2 synagynyň netijeleriniň 2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda mälim edilmegine garaşylýar.

Aşgabatdaky Türk-Anadoly mekdebi synagyň geçirilmegine ýardam beren ähli edaralara we jogapkär işgärlere minnetdarlyk bildirip, synaga gatnaşan dalaşgärlere üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanda TR-ÝÖS synagynyň geçirilmegi Türkiýäniň uniwersitetlerinde bilim almak isleýän türkmenistanly ýaşlar üçin möhüm mümkinçilikdir. Indi dalaşgärler bu synaga gatnaşmak üçin hökmany suratda daşary ýurda gitmeli bolmazlar.

Çeşme: Aşgabatdaky Türk-Anadoly liseýiniň Instagram sahypasy — @askabat_otto.

Related posts

Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ýaş hünärmenleriň girdeji salgydy ýeňilleşdiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlary üçin: Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işi geçirilýär