BILIM

Täze hünär boýunça 20 talyp bilim alyp başlady

Türkmen döwlet maliýe institutynda şu okuw ýylynda bakalawrlary taýýarlaýan täze hünär, ýagny halkara maliýe hünäri açylyp, oňa 20 talyp kabul edildi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, täze hünär boýunça bilim alýan talyplarda halkara maliýe gatnaşyklarynda ýüze çykyp biljek çylşyrymly meseleleri çözmek ukybyny kemala getirmek maksady bilen, olara maliýe, halkara walýuta-karz we maliýe gatnaşyklary, halkara töleg ulgamlary, gazna biržasy, maliýe hukugy, maliýe gözegçiligi, dünýä maliýe bazarlary, halkara maliýe we beýleki dersler boýunça döwrebap bilim berilýär.

Netijede, bu hünär boýunça bilim alan uçurymlar maliýe ulgamyna girýän düzüm bölekleriniň girdejilerdir çykdajylaryny we peýdasyny dolandyrmagy guramak, maliýe bazarynda hereket edýän döwlet we kärhana gymmatly kagyzlar boýunça girdejililigi hasaplamak, dünýä maliýe bazarynda hereket edýän halkara gymmatly kagyzlar boýunça amallary geçirmek, halkara maliýe gatnaşyklarynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, walýuta, gazna, şeýle hem maýa goýumlar bazarynda hereket edýän maliýe gurallarynyň netijeliligini kesgitlemek ýaly hünär başarnyklaryny ele alarlar.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk Türkmenistanda geçirilen forumyň üns merkezinde boldy

Türkmenistan we Belarus lukmançylyk uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

JICA agentligi türkmen talyplaryna mugt emeli aň okuwlaryny hödürlär

Türkmenistanda Malaýziýanyň talyp haky maksatnamasyna arzalar kabul edilýär

“Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşigine badalga berildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy