JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantda Si Szinpin bilen duşuşdy

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär. 

HHR-iň Başlygynyň Özbegistana sapary wagtynda bolýan rezidensiýasynda ― «Forumlar Mažmuasi» merkezinde guralan duşuşykda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şunda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti aýratyn nygtalyp, onuň gerimini has-da giňeltmek bilen bagly anyk teklipler beýan edildi.

 Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaýyň «Merkezi Aziýa ― Hytaý» hyzmatdaşlyk meýdançasynda işjeň özara gatnaşyklary ilerledýändigi, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň hem-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça taslamanyň çäklerinde anyk çäreleri durmuşa geçirýändigi bellenildi. Häzirki wagtda Hytaýyň biziň ýurdumyzyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydygy göz öňünde tutulanda, ykdysady ugurly özara hereketleri has-da çuňlaşdyrmak, bu dostlukly döwlete iberilýän türkmen gazynyň möçberini artdyrmak, ulag-logistika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtamak gerek.

Şular barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz we HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda dostluk, özara ynanyşmak, birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar