SPORT

43 ýyldan soňra kubok gazandy

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýasynyň Bileleşigi (UEFA) tarapyndan gurnalýan Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 3-nji derejeli Konferensiýa ligasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi.

Onda Angliýanyň “West Hem” topary bilen Italiýanyň “Fiorentina” topary duşuşdy. Dewid Moýesiň tälim berýän “West Hem” topary 1980-nji ýyldan soňra kubok gazanmagy başardy. Şol ýyl bu topar Angliýanyň kubogyny gazanypdy.

Praga şäherindäki duşuşygyň 62-nji minutynda Said Benrahma bilen “Fiorentina” topary öňe saýlandy. Jakomo Bonawenturanyň 67-nji minutda hem-de 90-njy minutda Žerrod Boueniň geçiren gollary bilen “West Hem” topary özüniň esasy hem-de halkara kubogyny gazandy.

Toparyň tälimçisi Dewid Moýes bolsa, öz karýerasynda ikinji kubogyny gazandy. Ol 2013-nji ýylda “Mançester Ýunaýted” topary bilen Angliýanyň Naýbaşy kubogyny gazanypdy.

Angliýanyň milli futbol çempionatyny 12-nji orunda tamamlan “West Hem” topary Ýewropanyň öňdebaryjy kubogyny gazandy. Şeýlelikde, geljek möwsümde Angliýadan 8 topar Ýewropanyň kubok ýaryşlarynda çykyş eder. “West Hem” topary geljek ýyl Ýewropa ligasynda oýnar.

Related posts

Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy

«Arkadag» topary Antaliýadaky ýygnanyşykda bolgar kluby bilen duşuşar

Ronaldo jemgyýetçilik torunda birinji orunda

Leave a Comment