SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi boldy

Türkmenistanyň garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türgeni Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi boldy.

Bu wezipä bellenendigini tassyklaýan hormat hatyny oňa BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew gowşurdy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Dostluk oýunlary geçirilýär.

Döwletjan Ýagşymyradow bilen birlikde, MMA boýunça 26 ýeňşi bolan türgeniň hatarynda, Russiýanyň MMA söweşijisi Aleksandr Wolkow hem hoşniýetli ilçi derejesine mynasyp boldy.

Iýun aýynyň ortalaryndan geçirilen üçünji BMG Dostluk oýunlarynda BMG agza döwletleriniň diplomatlary, dürli birleşmeleriň wekilleri we guramanyň işgärleri sportuň 10 görnüşi boýunça güýç synanyşdylar. BMG-niň Baş Assambleýasy Dostluk oýunlaryny her ýyl geçirmek baradaky rezolýusiýany 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edipdi.

Related posts

Andres Iniesta tälimçi boldy

Türkmenistanda futbol möwsümi dowam eder

Benzema “Real”-da galýar