JEMGYÝET

Belgiýada hem ahalteke bedewleriniň bardygyny bilýäňizmi?

Köp adam bilmeýän bolup biler, emma Belgiýanyň Limburg welaýatynyň Lummen şäherinde Benilýuks ýurtlaryndaky iň uly ahalteke atçylyk hojalyklarynyň biri ýerleşýär. Meşhur belgiýaly atşynas we atçylyk sportunyň höwesjeňi Simona Mihelsiň ýolbaşçylyk edýän “Stoeterij Ter Bosschen” atçylyk hojalygynda häzirki wagtda 17 sany ahalteke bedewi ösdürilip ýetişdirilýär.

Şol hojalyga Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow baryp, bedewleriň saklanyş şertleri bilen tanyşdy we Simona Mihels bilen duşuşdy. Ol köp ýyllardan bäri uly söýgi bilen türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we Ýewropada wagyz etmek bilen meşgullanýar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Limburg welaýatyndaky “Peelbergen Equestrian Centre” atçylyk toplumynda geçiriljek iri halkara çäräniň taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty, şol sanda halkara gözellik bäsleşigi, şeýle hem türkmen halkynyň baý medeni mirasyna bagyşlanan giň gerimli medeni maksatnama geçiriler.

Türkmenistanyň ilçisi Simona Mihelsi dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyrdy. Ol çakylygy uly şatlyk bilen kabul edip, çempionatda özüniň ahalteke bedewlerini hödürläp, Belgiýanyň adyndan çykyş etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, dünýäniň dürli künjeklerinden ahalteke bedewleriniň muşdaklaryny we meşhur atşynaslary ilkinji gezek bir ýere jemlejek bu taryhy çärä gatnaşmak özi üçin uly hormatdyr.

Ilçi ahalteke bedewlerine bolan söýginiň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda-da adamlary birleşdirýändigini aýratyn belledi. Häzirki wagtda Ýewropada we dünýäniň köp ýurtlarynda bu ajaýyp tohumyň gözelligine, asyllylygyna we täsin aýratynlyklaryna tüýs ýürekden haýran galýan, ony gorap saklamak we ösdürmek ugrunda ýyllaryny bagyşlaýan köp sanly höwesjeňler bar.

«Ahalteke bedewi diňe bir Türkmenistanyň milli buýsanjy bolman, eýsem halklaryň arasyndaky dostlugyň hem nyşanydyr. Bu ajaýyp tohumyň netijesinde täze tanyşlyklar döreýär, halkara gatnaşyklar berkidilýär we dürli ýurtlaryň adamlarynyň arasynda özara düşünişmegiň pugta köprüleri gurulýar», — diýip, ilçi belledi.

Sentýabr aýynda Niderlandlarda geçiriljek çäreleriň dünýäniň dürli ýurtlaryndan atşynaslary, türgenleri, bilermenleri we ahalteke bedewleriniň köp sanly muşdaklaryny bir ýere jemlemegine garaşylýar. Bu çempionat diňe bir halkara ahalteke bedewleriniň taryhyndaky iň uly çäre bolman, eýsem Türkmenistanyň medeni mirasynyň adamlary ruhlandyrmaga, olary umumy gymmatlyklaryň, däp-dessurlara hormatyň we dünýäniň iň owadan at tohumlarynyň birine bolan söýginiň daşynda birleşdirmäge ukyplydygyny görkezýän aýdyň mysal bolar.

Related posts

Ýaponiýada 2021-nji ýylyň iýeroglifi saýlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede gyşky dynç alyş

vepa