“Altyn topuň” eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň “Rawenna” klubunyň täze futbolçysy hökmünde tanyşdyryldy. Bu barada AFP agentligi habar berýär.
Çäre Rawenna şäherinde geçirildi. Futbolçy meýdança klubyň sport eşigi bilen çykdy. Futbol köýnekçesiniň arka tarapynda onuň familiýasy we 10-njy oýun belgisi bardy.
“Dostlarym bilen bu ýerde bolýandygyma örän şat. Bizde gowy işleri edip biljek topar bar, — diýip Ronaldinýo aýtdy. — [Oýnajakdygymy ýa-da ýokdugyny] bilemok, muny diňe tälimçi bilýär. Italiýa bilen täzeden duşuşmak ajaýyp. Men bu ýere topardaşlaryma ýeňiş gazanmaga kömek etmek üçin geldim. Görşüňiz ýaly, men gowy fiziki ýagdaýda we özümi gowy duýýaryn. Eger [karýeramdaky] 300-nji golumy geçirip bilsem, has-da ajaýyp bolardy.”
Iýun aýynda Ronaldinýo “Rawenna” bilen şertnama baglaşdy. Mart aýynda 46 ýaşyny dolduran Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy şol bir wagtyň özünde klubuň maýadarlarynyň biridir.
Ronaldinýo 2015-nji ýylda Braziliýanyň “Fluminense” kluby bilen şertnamasyny ýatyryp, futbol karýerasyny tamamlapdy. Ol “Barselonanyň” düzüminde iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy we Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy. Şeýle hem futbolçy Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen”, Italiýanyň “Milan”, Braziliýanyň “Flamengo”, “Atletiko Mineýro” we “Gremio” klublarynda çykyş etdi.
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ronaldinýo 2002-nji ýylda dünýä çempionatynda, 1999-njy ýylda Amerika Kubogynda ýeňiji boldy, şeýle hem 2008-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal gazandy. 2005-nji ýylda bolsa Fransiýanyň “France Football” žurnalynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragyna mynasyp boldy.
“Rawenna” Italiýanyň futbol çempionatynyň üçünji diwizionynda çykyş edýär.
