Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, merkeziň bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerini synlap, bu ýerde görkezilen taslamalar, binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Taslamalaryň hatarynda pediatriýa merkeziniň baş meýilnamasy, umumy görnüşi, merkeziň otaglarynda oturdylan enjamlaryň görnüşleri, kliniki barlaghanalar, operasiýa we ýatymlaýyn otaglaryň görnüşleri, mejlisler zaly, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançasy, ugurdaş desgalar bar. Aýratyn-da, bölümlerde oturdylýan enjamlaryň görnüşleri şekil taslamalarynda möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi. Häzirki döwürde halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna we olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz bu işlerde halkara tejribä, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, merkeziň otaglarynyň sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Merkez 5 gatdan ybarat bolup, ol 3 ýaşdan ýokary bolan çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda ýola goýuljak lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda uly üstünlikler gazanylýar.
Taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz täze gurulýan merkeziň işiniň maslahat beriş, anyklaýyş-bejeriş derejesiniň ýokary bolmalydygyny belläp, bu ýerde işlejek lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, lukmançylyk hyzmatlarynda emeli aňyň mümkinçiliklerini we sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulandygyny nygtap, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.
