SPORT

“Barselona” 8 futbolçysy bilen hoşlaşmakçy

Ispaniýanyň «Barselona» topary tomusky transfer möwsüminde 8 futbolçysynyň tekliplerine seretmegi göz öňünde tutýar. Topar 8 futbolçysy bilen hoşlaşmagy meýilleşdirip, täze oýunçylar bilen toparyň düzümini güýçlendirmekçi bolýar.

Iwan Rakitiç, Arturo Widal, Samuel Umtiti, Martin Breýtueýt, Filippe Koutinio, Hunior Firpo, Antuan Grizmann we Neto ýaly futbolçylar “Kamp Nou” bilen hoşlaşyp biler.

Futbol möwsümi tamamlanandan soňra topar 2 ýa-da 5 sany täze futbolçy bilen hüjümini we goragyny güýçlendirmegi maksat edinýär.

Dünýädäki çylşyrymly döwür toparyň maliýe mümkinçiliklerine täsirini ýetirip biler. Şonuň üçin topar düzümindäki futbolçylary satmagy ýa-da başga futbolçylar bilen çalyşmagy mümkin.

Related posts

Messi 700-nji goluny geçirdi

Ata Watan Eserleri

Ronaldo – dünýäniň iň köp hak tölenýän türgeni

Çempionlar ligasynyň bijeleri