SPORT

Luka Modriç “Real Madridde” galýar

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary horwatiýaly ýarymgoragçysy Luka Modriç bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Modriç 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli bu toparda çykyş eder.

Horwatiýaly 36 ýaşyndaky futbolçynyň topary bilen şertnamasy şu ýylyň iýunynda tamamlanýardy.

2012-nji ýyldan bäri bu toparda çykyş edip gelýän Modriç topar bilen 20 sany kubogy asmana göterdi. Şeýle hem ol 5 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolmagy başardy.

Terjibeli futbolçy 2018-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy saýlandy. Ol “Real Madrid” topary bilen 436 duşuşykda oýnap, 22 gol geçirdi.

 

Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek mümkinçiligine serediler

Related posts

Dünýä çempionatynda meşhur bolan Wozinýa Çilide oýnar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly samboçy gyzlar dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Futbola başlan toparyna tälimçi boldy