SPORT

Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça dünýä çempiony boldy

Türkmen agyr atletikaçy türgeni Anamjan Rustamowa 86 kg çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiliginiň altyn medalyny gazandy. Ýaryşlar Müsürde geçirilýär.

Rustamowa silterläp götermekde 110 kg, itekläp götermekde bolsa 147 kg netije görkezip, jemi 257 kg agramy eýeledi. Itekläp götermekde türgen gyz, şeýle hem kiçi altyn medala mynasyp boldy.

Ýaryşyň jemleri boýunça türkmen türgeni degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelän Hytaýyň wekili Linýue Sýudan (256 kg) we Ermenistandan Emma Pogosýandan (253 kg) öňe geçdi.

Bu Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň häzirki dünýä birinjiliginde gazanan ikinji baýragydyr. Mundan ozal Didarbek Jumaýew 79 kg çenli agram derejesinde bürünç medaly gazanypdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy