SPORT

Son Hyn Min – Aziýanyň iň gowy futbolçysy

Son Hyn Min 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Aziýanyň iň gowy futbolçysy diýen ada mynasyp boldy. Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň hem-de Günorta Koreýanyň hüjümçisi Son Hyn Min Aziýanyň futbol žurnalistleriniň hem-de bilermenleriniň ses bermeginde 22,9 göterim ses alyp, Aziýanyň “Iň gowy futbolçysy” diýen derejäni eýeledi.

Şeýlelikde, Son karýerasynda 9-njy gezek, bassyr bols,a 7-nji gezek bu ada mynasyp bolan aziýaly futbolçydyr.

Bu sanawda ikinji orny Kin Min Çže eýeläp, ol hem Günorta Koreýanyň futbolçydyr. Ol häzirki wagtda Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň düzüminde çykyş edýär.

Üçünji orny Kristiano Ronaldo eýeledi. Portugal futbolçy Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda oýnaýar.

Aziýanyň “Iň gowy futbolçysy” diýen ady eýelemek üçin Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň düzüminde çykyş edýän ýurtlaryň toparlarynda oýnaýan islendik futbolçy dalaşgär görkezilip bilinýär.

Related posts

UEFA Ýewropa ligasy finaly: “Mançester Ýunaýted” – “Wilýarreal”

Ronaldonyň ykbaly nähili bolar?

Ata Watan Eserleri

Messi “The Best” baýragyna mynasyp bolar