SPORT

Gurban Berdiýewiň topary birinjilige ymtylýar

Ildeşimiz Gurban Berdiýewiň tälim berýän Mahaçkalanyň “Dinamo” topary Russiýanyň “Melbet” birinji ligasynda çykyş edip, liganyň sanawynda öňdeligi eýelemek ugrunda bäsleşýär.

Russiýanyň “Melbet” birinji ligasynyň 10-njy tapgyrynyň esasy duşuşygy liganyň birinji orundaky topary “Alanýa” bilen “Dinamo Mahaçkala” duşuşdy. Berdiýewiň topary bu duşuşykda 3:0 hasabynda üstün çykyp, sanawda ikinji orny eýeledi.

“Alaniýa” topary 20 utuk bilen birinji orunda barýan bolsa, Gurban Berdiýewiň tälim berýän “Dinamo” topary 18 utuk bilen ikinji orny eýeledi.

Indiki tapgyrda “Alaniýa” topary “SKA-Habarowsk” topary bilen duşuşar, “Dinamo” bolsa “Sokol” toparyny öz meýdançasynda kabul eder.

 

Related posts

Futbol transferleri…

Ata Watan Eserleri

Türkmen agyr atletikaçylary V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda 13 medal eýelediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda “VAR” ulgamy boýunça halkara okuw-maslahaty badalga aldy