SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG: temmäki ulanýanlaryň sany azalýar

Häzirki wagtda tutuş dünýäde temmäki uly ýaşdaky ulanýanlaryň sany 1,25 milliardda deňdir we temmäki önümlerini ulanýanlaryň sany yzygiderli azalýar. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) taýýarlan maglumatnamasynda beýan edilýär. Şeýle hem häzirki wagtda uly ýaşdaky adamlaryň 5-den biri temmäki ulanýan bolsa, 2000-nji ýylda bu görkeziji 3-den biri temmäki ulanýardy.

Resminamada eýýäm 150 döwletde temmäki önümlerini ulanýanlaryň sany görnetin azaldy. Braziliýa we Niderlandlar BSGG-niň temmäki önümlerine garşy göreşmek babatdaky maslahatyna eýerip, oňat netijeler gazandy. Braziliýa 2010-njy ýyldan bäri çilim çekýänleriň sanynda 35 göterimlik pese gaçyş gazandy. Niderlandlarda bolsa, bu görkeziji 30 göterime deň boldy.

Muňa garamazdan, 6 ýurtda temmäki ulanýanlaryň sany ýokary bolmagynda galýar. Olar: Kongo, Müsür, Indoneziýa, Iordaniýa, Oman we Moldowa Respublikasydyr.

Häzirki wagtda temmäki önümlerini ulanyjylaryň ýokary görkezijisine eýe bolan sebit Günorta-Gündogar Aziýa sebitidir. Bu sebitde ilatyňň 26,5 göterimi çilim çekýär. Ikinji orunda Ýewropa sebiti barýar, bu sebitde ilatyň 25,3 göterimi çilim çekýär.

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy