SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com beren maglumatyna görä, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Berlen maglumatlara görä, şu ýylyň 9-njy martynda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, soňky gezek “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 25-nji fewralda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrypdy.

Häzirki pandemiýa döwründe Türkiýäniň “Türkhowaýollary”  bilen Russiýanyň “S7” awiakompaniýalary Türkmenistana ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýarlar.

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň ýerine ýetiren ýörite gatnawlarynyň sany 37-ä deň boldy.

Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Related posts

Türkiýede Oraza aýynda 2 hepdelik çäklendirme

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistandan Türkiýä ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri