SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň paýtagtynda türkmen restorany açyldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheriniň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary Täze ýyl dynç alşynyň dowam edýän günlerinde golaýda Moskwa şäherinde açylan “Aşgabat” atly restoranda türkmen tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bu barada www.turkmenistan.ru internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, aslynda, bu häzirki wagtda adaty türkmen aşhanasyny dadyp boljak köp millionlyk metropolda ilkinji we şu wagta çenli ýeke-täk jemgyýetçilik naharhanasydyr. Moskwada gündogar aşhanasyny halaýanlara dürli tagamlary hödürleýän köp sanly kafe we ​​restoran bar. Ýöne diňe Aşgabat restoranynda türkmen tagamlarynyň naýbaşysy bolan dogramanyň datmak bolar.

Şeýle hem restoranda çorba we unaş ýaly tagamlar hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Mundna başga-da, etden taýýarlanýan hamyrly tagamlar: manty, börek, somsa we fitçi ýaly tagamlar hem rus raýatlarynyň saýlap biljek gowy tagamlary bolup durýar.

Moskwanyň metrosyndan hem-de şäher merkezinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän restoran Russiýanyň paýtagtyndaky ýaşaýan ildeşlerimiz üçin hem türkmen desterhanynyň tükeniksiz tagamlary bilen naharlanmaga mümkinçilik döredýär. Amatly zallar bir wagtyň özünde köp sanly myhmany kabul edip bilýär, sargyt esasynda hem eltip bermek hyzmaty bar.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar