SPORT

Çempionlar ligasy: “Liwerpul” ýeňilmän gelýär

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyrynyň ýene-de 2 duşuşygy geçirildi. Olaryň birinde Angliýanyň “Liwerpul” topary bilen Italiýanyň “Inter” topary, beýlekisinde bolsa Awstriýanyň “Zalburg” topary bilen Germaniýanyň “Bawariýa” topary duşuşdy.

Çempionlar ligasynda ýeňilmän gelýän “Liwerpul” topary myhmançylykda “Inter” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. “Liwerpulyň” gollaryny Roberto Firmino bilen Mohamed Salah öz adyna ýazdyrdy.

“Liwerpul” topary duşuşygyň ikinji ýarymynda 75-nji minutda Firminonyň bilen 83-nji minutda Salahyň geçiren gollary bilen ýeňiş gazanyp, 8-nji martdaky jogap duşuşygyndan öň artykmaçlyk gazandy.

Jogap duşuşygy “Enfild” stadionynda oýnalar.

“BAWARIÝA” 90-NJY MINUTDA HALAS BOLDY

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyrynyň ýene-de bir duşuşygynda “Zalsburg” bilen “Bawariýa” duşuşdy.

“Zalsburg” toparyndan Junior Adam 21-nji minutda tapawutlandy. “Bawariýa” topary bolsa 90-njy minutda Kingsli Komanyň geçiren goly bilen ýeňlişden halas boldy.

Jogap duşuşygy 8-nji martda “Bawariýanyň” meýdançasynda geçiriler.

 

 

Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gaiti – dünýä çempionaty bilen hoşlanan ilkinji ýygyndy

Meksika ilkinji bolup, 1/16 tapgyryna çykdy

Ata Watan Eserleri