SPORT

“Arkadag” topary kubok ýaryşynda-da ýeňiş gazandy

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň deslapky tapgyrynyň birinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda “Arkadag” topary “Energetik” bilen duşuşdy. Paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşykda netijeli çykyş eden “Arkadag” topary 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýnunyň 2-nji maýda geçirilýandigini ýatladýarys. Deslapky tapgyrdaky oýnuň ýeňijisi Kubok bäsleşiginiň çärýekfinalynda “Köpetdag” topary bilen duşuşar.

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň deslapky tapgyrynyň duşuşygy:

 “Arkadag” – “Energetik”- 4:0

Gollar: 39 Didar Durdyýew, 45 Güýçmyrat Annagulyýew, 70 Şanazar Tirkişow, 88 Begmyrat Baýow (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 1 Daýanç Nuryýew, 87 Aly Haýdarow, 88 Dawut Saparow (“Energetikk”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Related posts

Tokio Olimpiadasynyň iň köp hak alýan türgeni

Sport we bedenterbiýäni ösdürmek üçin täze maksatnama

Ata Watan Eserleri

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Leave a Comment