SPORT

Katar-2022: finalyň ady Argentina – Fransiýa

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionaty ahyrlap barýar. Noabt fibal hem-de 3-nji orun üçin duşuşyklarda.

Dünýäniň çempionatynyň ilkinji finalçysy Argentinanyň ýygyndysy boldy. Bu ýurduň milli ýygyndysy Horwatiýany 3:0 hasabynda utdy.

Argentinanyň finaldaky garşydaşy Marokko bilen Fransiýanyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi boldy. Ol hem Fransiýa boldy.

Dünýäniň güýçli ýygyndylaryny öýüne ugradan Marokko bu gezek Fransiýany ýeňmek başartmady. Dünýäniň soňky çempiony Fransiýa Marokkony 2:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, Fransiýa soňky 24 ýylda iri futbol ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanýar. 2018-nji ýylda dünýä çempiony bolan Fransiýa Argentina bilen ozal 4 gezek duşuşdy.

Dünýä çempionatynyň çäklerinde 4 gezek bu ýygyndylardan Argentina 2 gezek ýeňiş gazandy. Ol 1930-njy we 1978-nji ýyllardaky dünýä çempionatynda bolup geçdi.

Fransiýa bolsa 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Argentinany 4:3 hasabynda utupdy.

Şu wagta çenli bu ýygyndylar 13 gezke duşuşdy. Argentina 7 gezek Fransiýa 3 gezke ýeňiş gazandy.

3-nji orun üçin duşuşyk

17-nji dekabr 

20:00 Horwatiýa – Marokko

Final 

18-nji dekabr

20:00 Argentina – Fransiýa

Related posts

Lionel Messi Maýamidäki kaşaň jaýyny satýar

Dewid N’Gog karýerasyny tamamlady

Senegally futbolçylara ýer bölegi sowgat edildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment