SPORT

Messi Ronaldodan öňe saýlandy

ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynda çykyş edýän argentin ýyldyz Lionel Messi Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda oýnaýan Kristiano Ronaldodan futbol karýerasynda 11 metrlik jerime urgularyndan başga geçiren gollarynyň sanynda öňe saýlandy.

Lionel Messi öz toparynyň myhmançylykda “Nýu-Ýork Red Bullz” topary bilen geçiren duşuşygynda ýene-de 2 gol geçirdi. Messiniň topary 5:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde Messi karýerasy boýunça gollarynyň sanyny 874-e ýetirdi. Şol gollaryň 764-sini 11 metrlik jerime urmazdan geçirmegi başardy.

Ronaldonyň gollarynyň sany 938-e deň bolup, ol bu gollaryndan 175-sini 11 metrlik jerime urgularyndan geçirdi.

Messi karýerasy boýunça 1114 duşuşykda, Ronaldo bolsa 1281 duşuşykda oýnady.

Lionel Messi soňky geçiren 7 duşuşygynyň 6 duşuşygynda 2 goldan geçirmegi başardy. Ol ABŞ-nyň futbol çempionatynyň taryhynda yzly-yzyna 5 duşuşykda 2 gol geçirmegi başaran ilkinji futbolçy bolup, rekord goýdy.

Ronaldo we Messi futbol taryhynda iň köp gol geçiren futbolçylarynyň sanawynda degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýeleýär.

Ýene-de okaň

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy