TEHNOLOGIÝA

“Apple” telefon satuwynda öňdeligi eýeledi

ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýasy “Apple” 2023-nji ýylda smartfon satuwy boýunça “Samsung” -dan öňe geçip, birinji ýeri eýeledi. Bu barada “Bloomberg” habarlar gullugy “International Data Corporation” kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Maglumatlara görä, 2023-nji ýylda smartfonlaryň satuwynda “Apple” kompaniýasynyň “iPhone” kysymly smartfonlaryň dünýä bazaryndaky paýy 235 milliona deň boldy. Telefon bazarynyň öňdebaryjylaryndan “Samsung” kompaniýasynyň bazardaky paýy 226,6 milliona deň boldy.

Şeýle hem telefon bazarynda Hytaýyň “Xiaomi Corp”, “Transsion”, “Vivo”  ýaly kompaniýalar öňdeligi eýeleýär.

Related posts

Emeli intellekt sebäpli energiýa islegi ýokarlanýar, ägirtler maýa goýumlaryny artdyrýar

Bir sany elektrikli welosiped öndürdi

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady