TEHNOLOGIÝA

3D printeri bilen ilkinji gezek gulak çap edildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda täzelenýän lukmançylyk kompaniýasynyň hünärmenleri ilkinji gezek adam gulagyny 3D printeri arkaly çap etdiler. Bu organ 20 ýaşly hassanyň öýjüklerinden döredilipdir. Lukmanlar ony üstünlikli göçürip aldylardiýip, “New York Times”  neşiri beýan edýär.

Alymlar bu adam organyny 3D printeri arkaly çap etmek üçin 7 ýyl zähmet çekdiler. Bu zähmetiň netijesinde döredilen usul birnäçe patentlenen tehnologiýalary özünde birleşdirdi.

Gulak implantasyny döretmek üçin hünärmenler kekirdewügiň emele gelýän öýjüklerini işläp düzdiler. Şol ýerde milliardlarça öýjükler emele geldi. Şonuň netijesinde, 10 minutyň dowamynda gulagy çap etmek mümkinçiligi döredi.

Hünärmenler çap edilen organyň transplantasiýasynyň dokuma inženerçiligi pudagynda “ajaýyp üstünlik” bolandygyna ynanýarlar. Karnegi-Mellon uniwersitetiniň biomedikal inženerçilik professory doktor Adam Faýnbergiň pikiriçe, bu amallar 3D çaphana tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň uzak däldigini görkezýär.

 

 

Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi