TEHNOLOGIÝA

Noutbuk önümçiligini bes eder

Ýaponiýanyň “Toshiba” kompaniýasy noutbuk önümçiligini bes eder. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

“Toshiba Client Solutions” kompaniýasynyň mirasdüşeri we noutbuk öndürmek bilen meşgullanýan “Dynabook”-yň soňky paýnamasy Ýaponiýanyň “Sharp” kompaniýasynyň gözegçiligine geçdi. Bu barada şertnama 2018-nji ýylda gol çekildi. Soňra paýnamalaryň 80.1% derrew alyja geçirildi. Galanlary üçin “Sharp” kompaniýasy 2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda amala aşyran ilkinji satyn alyş hukuklaryna eýe boldy. Ähli resmi işler tamamlandy we “Sharp” kompaniýasy “Dynabook”-yň doly eýesi boldy.

Bu kompaniýa, 1985-nji ýylda T1100 bilen şahsy kompýuterleriň öňdebaryjylaryndan biridi. Şondan bäri kompaniýa köp meşhur modelleri öndürdi, ýöne wagtyň geçmegi bilen bazardaky öňdebaryjy ornuny ýitirdi.

Related posts

Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrar

Täze Watch GT 2e akylly sagaty çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýäde Ilkinji eskalator haçan oýlanyp tapylypdyr?